2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada çäräni guramaçylaryň saýtynda habar berilýär. Forumyň guramaçylary bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmenengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti we «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär. Bu çäräniň maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli segmentlerine göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat. Forumyň çäklerinde nebit we gaz öndürmek, ulag we ýangyjy gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegine serediler. Foruma dünýä belli hünärmenler we halkara energetika ägirtleri gatnaşarlar.