744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
16.11.2023
Aşgabatda 17-19-njy noýabrda «Iran Project» sergisi we türkmen-eýran işewürler forumy geçiriler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2023-nji ýylyň 17–19-njy noýabrynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge taýýarlanýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň salgylanyp habar bermegine görä, ýöriteleşdirilen sergä Eýran Yslam Respublikasyndan 100-e golaý kompaniýa gatnaşar. Elli töweregi pawilýonda gurluşyk we gurluşyk materiallary önümçiliginde, tehniki we inženerçilik hyzmatlary, suw hojalygy, energetika, nebit we gaz, nebithimiýa, bilim hem-de söwda pudagynda işleýän kompaniýalaryň önümlerini we hyzmatlaryny hödürlär. Şeýle hem 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-eýran işewürlik forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary we eýranly telekeçiler geljekde ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etmek üçin resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtab Ruzbehani bilen geçirilen duşuşygynda Eýranyň Türkmenistanyň sebitdäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigi we döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüş depgininiň söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine laýyk gelýändigi bellenildi.