744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
02.02.2024
BOTAŞ kompaniýasy türkmen gazyny türk we dünýä bazaryna çykarmaga gyzyklanma bildirýär

BOTAŞ türk döwlet energetika kompaniýasynyň wekiliýeti türkmen gazyny Türkiýä ibermek meseleleri boýunça ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz konsernleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ygtybarly gatnaşyklar bellenilip geçildi, şeýle hem iki ýurduň Liderleriniň syýasy erkine laýyklykda, türkmen gazyny Türkiýä ibermekde BOTAŞ kompaniýasynyň taýýarlygy nygtaldy diýlip, kompaniýanyň beýanatynda bellenilýär. Bu barada Daily Sabah neşiri habar berýär.

“2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda BOTAŞ kompaniýasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Mekan Işangulyýewiň, şeýle hem “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekilleriniň we BOTAŞ kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Mithat Aýdyňyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Onda taraplaryň arasynda gysgamöhletleýin we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, şeýle hem türkmen gazyny Türkiýä ibermek meseleleri maslahatlaşyldy” diýlip, türk kompaniýasynyň saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, BOTAŞ kompaniýasynyň wekili we baş direktory Abdulwahit Fidan bilen türkmen wekiliýetiniň arasynda duşuşygyň geçirilendigi bellenilýär.