744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
05.02.2024
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-da aprel aýynda halkara derejeli çäreler geçiriler

Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde halkara derejeli çäreleriň birnäçesi geçiriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini guramak göz öňünde tutulýar.

Bu çäreler bilen ugurdaş mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça ilkinji gezek geçiriljek halkara olimpiadany ýokary derejede guramagy, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda matematika we informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini hem guramaçylykly geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany belledi.