Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde bu ýurda iberildi.
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly gadymdan gelýän ýörelgelerinden ugur alnyp, gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Gyrgyz Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidiginiň hem-de çylşyrymly pursatda doganlyk kömegini bermekde hoşmeýilli erkiň nobatdaky güwäsidir.
Duşenbe güni Gyrgyz Respublikasynyň habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň ynsanperwer kömek hökmünde iberen 2 müň tonna suwuklandyrylan gazynyň 58 wagonda Bişkege baryp ýetendigini habar berdiler. Ynsanperwer ýüki Respublikanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Ynsanperwer ýüki Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri Atabek Abylgaziýew kabul edip, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi diýip, Vesti.kg habar berdi.