744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
08.02.2024
«Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde erjellik görkezýärler

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary 2800 kilometrden gowrak uzynlykdaky ýokary basyşly gaz geçirijilere berk gözegçilik etmek bilen, Lebap we Mary welaýatlarynyň ilatyny hem-de edara-kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde erjellik görkezýärler. Bu «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gazçylar müdirlige degişli gaz paýlaýjy beketleriň 77-sine, sazlaýjy düwünleriň 15-sine birkemsiz hyzmat edýärler. Olar garamagyndaky gaz paýlaýjy beketleri we sazlaýjy düwünleri tehnologiýanyň talaplaryna laýyk derejede işledip, tebigy gazyň kadaly akdyrylmagyny üpjün edýärler.

Häzir ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly, bir gije-gündizde 34 million 800 müň kub metre barabar «mawy ýangyç» sarp edijilere ýetirilýär diýlip, habarda bellenilýär.