744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
15.03.2024
Halkara foruma hasaba alnyşyk ýene bir aýdan tamamlanar

Türkmenistanyň energetika toplumynyň 24-25-nji aprelde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirjek maýagoýum forumyna hasaba alnyşyk başlady. Forumyň guarmaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň «GaffneyCline» kompaniýasy çykyş edýär.

Foruma Pariž şäherinde gatnaşmak üçin hasaba alnyşygyň iň soňky güni 10-njy apreldir. 19-njy aprelde bolsa sanly ulgam arkaly gatnaşjaklary hasaba almak işleri tamamlanar.

Hasaba alnyşyk OGT Turkmenistan web saýty arkaly geçirilýär.