744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.03.2024
Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna gadam goýýar

27-nji martda Tokioda geçiriljek Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşylar. Bu barada 15-nji martda Hökümet mejlisinde habar berildi.

Forumyň barşynda maýa goýum, senagat, ulag-logistika, hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar.

Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanynyň garamagyna işewürlik maslahatynyň Iş maksatnamasynyň taslamasy hödürlenildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň, forumlaryň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany Tokio şäherinde Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.