744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.03.2024
Tagtabazar etrabynda täze gaz geçirijisi çekildi

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň hünärmenleridir işgärleri Mary welaýatynyň bagtyýar ilatyny döwletimiziň halkymyza berýän eşreti — tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde öz işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyk guraýarlar. Olar welaýatyň şäherlerinde hem-de obalarynda Milli maksatnama laýyklykda, täze gaz geçirijileri gurmak, ozaldan hereket edýän gaz geçirijileriniň durkuny täzelemek işlerini alyp barýarlar.

Ýakynda müdirligiň buýurmasy esasynda welaýatyň Tagtabazar etrabynyň çäginde Töreşyh-Tagtabazar ýokary basyşly gaz geçirijisi gurlup ulanmaga berildi.

Töreşyh gaz käniniň gaz paýlaýjy bekedinden gözbaş alýan bu gaz geçirijiniň gurluşygy baş potratçy bolan «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň gaz gurluşyklary tarapyndan bellenilen möhletinde üstünlikli berjaý edildi.

Tagtabazar etrabynyň gür ilatly Marçak hem-de Söýünaly geňeşlikleriniň obalarynyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen gurlan bu ýokary basyşly gaz geçirijiniň uzynlygy otuz bäş kilometre deňdir. Onuň gurluşygynda potratçy edara tarapyndan turba goýujy, ýer gazyjy mehanizmleriň, kebşirleýji enjamlaryň ýeterlik möçberiniň jemlenilmegi, «Marygazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan göwrüminiň diametri 159 millimetr bolan turbalar hem-de beýleki gaz gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi gurnama işlerini ýokary depginde alyp barmaklyga şert döretdi. Gaz geçirijiniň gurluşygynda işleriň taslama laýyklykda ýerine ýetirilmegine müdirligiň düýpli gurluşyk bölüminiň hünärmenleri tarapyndan yzygiderli gözegçilik işleri ýola goýuldy. Munuň özi desganyň ugrundaky bölüji gatlalaryň we beýleki enjamlaryň talabalaýyk gurnalmagyna, gaz geçirijiniň gurluşygynyň tehnologik talaplar esasynda ýerine ýetirilmegine ýardam berdi.

Täze gaz geçiriji Tagtabazar etrabynyň obalarynyň ilatyny «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edýär.