744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.03.2024
Lebapda iki aýda 1,7 milliard kub metr gaz öndürildi

Geçen ýyl «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri üçin şowly boldy. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýyllyk meýilnama möhletinden öň berjaý edildi. Gazanylan üstünlik täze ýylda has belent sepgitleri eýelemäge hem binýat bolup hyzmat edýär. Eýsem, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanan iki aýynda nähili netijelere eýe bolundyka? Biz şeýle sowal bilen müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetowa ýüz tutduk. Şonda ol:

— Üstümizdäki şanly ýyly hem üstünliklere beslemek, tebigy gazyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrunda edilýän tagallalar ýerine düşýär. Gazçylarymyz gymmatly önümleri öndürmekde gowy netijeleri gazanýarlar — diýip, bizi önümçilik görkezijileri bilen tanyşdyrdy.

Şu ýerde bir hakykaty nygtamak ýerlikli bolar. Ýylyň başynyň gyş paslyna, ýagny howanyň sowuk döwrüne gabat gelmegi gaz çykaryjylary artdyrylan gaýrat bilen zähmet çekmäge borçly etdi. Sebäbi bu pasylda «mawy ýangyjyň» sarp edilişi görnetin artýar. Gazçylaryň işiň bu aýratynlygyny nazarda tutup, sarp edijileri amatly ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda eden tagallalary ýerine-de düşdi. Has takygy, üstümizdäki ýylyň geçen döwründe öndürilen tebigy gaz 1 milliard 795 million kub metrden gowrak boldy. Gymmatly önümiň esasy böleginiň welaýatyň ilatly ýerleri bilen birlikde kuwwatly senagat kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmäge gönükdirilendigi bellärliklidir. Şeýle kärhanalaryň hatarynda kuwwatly «Lebap» we «Watan» döwlet elektrik stansiýalary hem bar. Bu häzirki zaman desgalarynda tebigy gazy ýangyç hökmünde peýdalanmak arkaly öndürilýän elektrik energiýasy hem ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine, ilatyň abadan ýaşaýşyna hyzmat edýär.

Gymmatly önümi öndürmekde, öňki ýyllarda bolşy ýaly, Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň gujur-gaýratly hünärmenleri öňdeligi eýeleýärler. Geçen döwürde bu bölekde tebigy gazyň 1 milliard 468 million kub metrden gowragy öndürildi. Şonça önümiň 1 milliard 39 million kub metrden gowragy Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça akdyryldy. Bu harytlyk önümiň belli bir bölegi bolsa Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisine berildi. Gazanylýan üstünlikde Malaý gaz käninde zähmet çekýän ezber hünärmenleriň zähmet paýy uludyr. Bu ýerde ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmegi bilen düýpli ilerlemeleriň başy başlandy. Bu desga käniň tebigy gaz goruny has doly özleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Häzirki zaman desgasynda işleriň ilerlemegine mynasyp goşant goşýanlaryň arasynda inžener mehanik Merdan Welmyradowyň, nobatçy operator Toýly Saparowyň, abatlaýjy slesarlar Maksat Babagylyjowyň, Döwran Toýgulyýewiň, maşinistler Ulamjan Ismaýylowyň, Şatlyk Hajyýewiň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar.

— Döwrebap desgamyzda işler doly awtomatlaşdyrylandyr. Olary başarjaň işgärlerimiz kämil kompýuterleriň üsti bilen dolandyrýarlar. Biziň iş we dynç alyş şertlerimiz örän ýokary derejede. Mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň netijeli zähmet çekmegimiz üçin döredýän giň mümkinçiliklerine yhlasly zähmetimiz bilen jogap bereris — diýip, desganyň ýolbaşçysy Zulpikar Osmanow ynam bilen aýdýar.