744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.03.2024
Bişkekde nebit we gaz pudagyna degişli taslamalar boýunça gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýew bilen Gyrgyzystanyň energetika ministri T.Ibraýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar özara hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri barada bellemek bilen, energiýa we söwda pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem özara söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy nygtap, nebit we gaz pudagy boýunça geljegi uly bolan taslamalar barada pikir alyşdylar. Duşuşyşygyň dowamynda ministr T.Ibraýew Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, fewral aýynda iberen ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi