744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
25.03.2024
Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmek üçin 2024-nji ýylda birnäçe çäreleri geçirer

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça şu ýylda birnäçe möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 23-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öňe sürdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna hem-de Italiýa Respublikasyna iş saparlarynyň netijeleri boýunça wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy birnäçe teklipleri beýan etdi.

Hususan-da, Ýewropa Bileleşigi bilen dialogy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Brýussel şäherine saparyny guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlaryny yzygiderli we ulgamlaýyn esasda guramak; energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ugry boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.

Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky utgaşdyryjy platformany döretmegiň üstünde işlemek teklip edilýär.

Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşigi we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen gepleşikleriň özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge ýardam bermelidigini belläp, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.