744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
27.03.2024
Parižde geçiriljek maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin eýýäm ýüzden gowrak wekil hasaba alyndy

24-25-nji aprelde geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma (TEIF–2024) taýýarlyk işler dowam edýär. forumyň guramaçylar bolup “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri “Türkmen Forum” we GaffneyCline kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.

Pariž forumynyň maksady – Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, energetika, ulag we araagtnşyk pudaklaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.

Häzirki wagta çenli TEIF–2024-e gatnaşmak üçin ýüzden gowrak daşary ýurt wekilleri hasaba alyndy. Bellige alnan ýokary wezipeli çykyş etjekleriň hatarynda: OPEK-iň baş sekretary Haýtam al-Gaýs, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we BMG-niň ÝYK-nyň ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan, Halkara gaz bileleşiginiň prezidenti Li Ýalan, şeýle hem birnäçe öňdebaryjy energetika, gurluşyk, ulag kompaniýalarynyň we maliýe kompaniýalarynyň wekilleri bar.

TEIF–2024-niň çäklerinde türkmen kompaniýalarynyň hem-de daşary ýurtly maýadarlaryň işewür duşuşyklary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna göni maýa goýumlaryny çekmek boýunça mümkinçilikleri mundan beýläk hem giňeltmäge ýardam eder.

Forumyň guramaçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, TEIF–2024-e janly görnüşde gatnaşmak üçin bellige almaklyk 5-nji aprele çenli, onlaýn bellige almaklyk -19-njy aprele çenli dowam eder. Guramaçylar şeýle hem wiza kömegini berýärler.