744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
27.03.2024
Pakistanyň nebit ministri TOPH taslamasyny ilerletmek işine ygrarlylygyny mälim etdi

26-njy martda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň nebit ministri Musadik Mälik bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda ilçi ony ministr wezipesine girişmegi bilen gutlady.

Ministr Musadik Malik öz gezeginde ilçä minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdi. Şeýle hem ol TOPH taslamasynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, Pakistanyň bu taslamanyň üstünlikli tamamlanmagyna ygrarlydygyny aýtdy diýip, Pakistanyň Habar beriş serişdeleri üçin maglumat departamenti habar berdi.

Ministr Malik geçen möhletinde gazanylan ösüşleri täze möhletde hem dowam etdirmäge taýýardygyny belläp geçdi.

Ilçi Möwlamow hökümetara toparynyň we iş toparynyň öňde boljak duşuşyklary barada maglumat berdi. Türkmenistanyň ilçisi TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin utuşly taslama bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem ilçi Pakistan tarapyna şu ýylyň aprel aýynda Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energiýa pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşmak üçin çakylyk berdi.