744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
29.03.2024
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň talyplary üçin birnäçe çäreleri geçirer

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti talyp ýaşlar üçin halkara ylym-bilim çäreleriniň tapgyryny gurar. 15–20-nji aprel aralygynda bu ýokary okuw mekdebi informatika boýunça II Açyk Halkara olimpiadasyny (OIOIUS-2024), şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisini geçirer. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti informatika boýunça olimpiada, ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag işler bilen meşgullanýan we öňde boljak halkara wakalaryň çäklerinde bilimlerini we ukyplaryny görkezmek isleýän talyplaryny çagyrýar. (+99312)39-14-57 telefon belgä jaň edip ýa-da hngu.olimp@gmail.com elektron salgy boýunça goşmaça maglumatlary alyp bolar. Çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym we bilim ulgamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol gatnaşyklaryň çäklerini ep-esli giňeltmäge, gatnaşyjy ýurtlardan kärdeşleriň hünär tejribelerini paýlaşmaga, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we bilelikde oňyn netijeleri gazanmaga ýardam etjek täze peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer. Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr"