744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
17.04.2024
Hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. 

Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Munuň özi Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.

Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy üç tapgyrda – Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr) we Mary – Türkmenabat (288 kilometr) tapgyrlarda amala aşyrylýar. 

Mälim bolşy ýaly, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry – Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. 

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry täze düzüm desgasynyň degişli güwänamalara – awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini, şeýle hem bu awtomobil ýolunyň ýokary derejede howpsuzlygyny we onuň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Munuň özi ýurdumyzda gurulýan awtomobil ýollarynyň bildirilýän esasy talaplara, öňdebaryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýurdumyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edendigini bellemeli. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen we Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi, oňa laýyklykda 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan edildi. 2016-njy ýylda hut şol gün Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi. 

Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen we döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän halkara başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. 

Bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmaga çalşyp, döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulagyň ähli görnüşleriniň – awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze howa menzilleri döredilýär, polat ýollar çekilýär, Türkmenistany goňşy ýurtlar bilen birleşdirýän awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag parkynyň üsti döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli ýetirilýär. 

Türkmenistan ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy ulag-üstaşyr geçelgeleriniň düzümini berkidýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna goşulmak mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar.

Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Garagum sährasynyň çäginden geçýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen eziz Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, şeýle hem tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we täze taslamalar bilen üsti ýetirilýär. 

Ine, şeýle taslamalaryň biri hem uzynlygy 600 km bolan “Aşgabat –Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýoly sebitde ykdysady-söwda gatnaşyklarynda täze başlangyçlara itergi berýär.

“Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurluşygy amala aşyrylýan bu taslamanyň Aşgabat-Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde ulanylyşa girizildi.

Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Tejen bölegi “Altyn nesil” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Şunda ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem ýolagçylar üçin döwrebap dynç alyş we hyzmat ediş zolaklary bina edildi.

Halkara derejeli bu ýol 6 sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler we beýlekiler oturdyldy.

Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw hem-de haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär. Ýol örtügi birinji derejeli täze awtoban döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup olar ýol örtüginiň we köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.

Ýol düzümi iň ýokary ülňüleri hasaba almak bilen abadanlaşdyryldy. Onuň ugrunda awtoduralgalar, sürüjiler we ýolagçylar üçin dynç alyş ýerleri, dükanlar, kafeler, ýangyç guýujy beketler we beýleki desgalar guruldy. Awtomobil ýolunyň düzüminde gözegçilik kameralary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutulypdyr. 

Ulag akymy barada ähli maglumatlary toplaýan, ýatda saklaýan we ýol gözegçilik gullugyna geçirýän bökdençsiz ýörite wideogözegçilik ulgamy arkaly dolandyrylýar. Bu ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň çyglylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar hem iberilýär.

Ýokary tizlikli awtomobil ýoluň ugrunda gaýragoýulmasyz jaňlar we tiz kömek merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon aragatnaşygyň ýörite nokatlary oturdylypdyr.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi