744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
03.06.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Bu gezekki welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aldy.

Ir bilen bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem boldy.

Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanynyň yzysüre hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň üstünden geçýän ugur bilen ýola düşdüler.

Şu gün merkezi neşirlerde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen gutlady çap edildi.

“Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin dünýä bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda hem bu sene ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär” diýlip Gutlagda aýdylýar.

“Welosiped sürmek sportuň gyzykly görnüşi bolup, ilatymyzyň beden taýdan sagdynlygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň artykmaçlyklaryna hem-de ekologik abadançylyga ýetirilýän täsire mynasyp baha berip, onuň bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr. Şu nukdaýnazardan, welosiped sportuny has-da işjeň ösdürmek maksady bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 31-nji maýy — 3-nji iýuny aralygynda ilkinji gezek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça uzak aralyga welosipedli ýörişiň guralmagy uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini sagdyn ýaşaýşa çagyrmakdaky, döwletleriň arasynda ekologik abadançylygy wagyz etmekdäki möhüm ädimleri boldy.