«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň hünärmenleri ýokary başarnyk we yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary arkaly üstümizdäki ýylyň tamamlanan döwri üstünliklere beslendi. Zähmetde taplanan ussat gazçylaryň yhlasly işlemekleri arkaly tebigy gazyň öndürilişi yzygiderli artdyrylýar. Olar tarapyndan şu ýylyň geçen döwründe gazylyp alnan harytlyk önüm 3,5 milliard kub metre golaý boldy. Munuň özi bäş aýyň meýilnamasynyň artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär.
Öňdebaryjy bölekde dürli kesp-kärli hünärmenleriň 450-den gowragy agzybirlik bilen zähmet çekýär. Olaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri üçin müdirligiň ýolbaşçylygy tarapyndan amatly şertler döredilýär. Şonda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk meseleleri aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Umumy üstünlige saldamly goşant goşup, kärdeşlerine gowy görelde görkezýänleriň hatarynda Malaý gaz käniniň tehnology Öwezmyrat Durdyýew, Bagaja gaz käniniň esasy geology Arazmämmet Annamyradow, Kükürtli sehiniň gaz çykaryjy operatory Haýytmyrat Nyýazow dagynyň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar.