744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
09.10.2023
Yrak her ýylda Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn almaga taýýar

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama Döwlet ministriniň — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynyň netijeleri boýunça gol çekildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny belledi. Şol gatnaşyklarda energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolar. Premýer-ministr Al Sudani baý uglewodorod serişdeleriniň bardygyna garamazdan, milli ykdysadyýetiniň we ilatynyň gaza hem-de elektrik energiýasyna barha artýan islegleriniň Yraga gazyň daşary ýurtlardan iberilişiniň möçberiniň artdyrylmagynyň zerurdygyny şertlendirýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol iki ýurduň döwlet energetika düzümleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary mübärekledi we olaryň iş ýüzünde tizden durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi. Yragyň Hökümetiniň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hormatyny we salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem Yrak Respublikasynyň Prezidentiniň ýakyn wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen barmaga taýýardygy bellenildi. Türkmen wekiliýeti elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel bilen giňişleýin gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda netijeli ýagdaýda türkmen tebigy gazyny Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy. Hususan-da, yrakly hyzmatdaşlar Türkmenistandan Yraga gazy goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden swap usulynda almaga gyzyklanma bildirdiler. Şunda yrak tarapy türkmen gazyny her ýylda 10 milliard kub metre golaý möçberde kabul etmäge taýýardyr. Bulardan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Taraplar şu ýyl Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar. Türkmenistanyň energetika pudagynda halkara ähmiýetli teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen çözgütlerde beýanyny tapyp, birnäçe iri energetika taslamalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda mynasyp dowam etdirilýär. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran iri gaz geçirijilerini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistandan Eýrana hem-de owgan tarapynda Pakistana çykalgasy bolan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryny görkezmek gerek.