“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde 22 awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bu bolsa köpugurly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda üç döwletiň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlaryndaky gatnaşyklar döwrebap görnüşde ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşygyň dowamynda bilelikdäki tagallalaryň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de onuň netijeleri boýunça wajyp ylalaşyklara gol çekiljekdigini aýtdy.
Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Özbegistan Ýewraziýanyň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşýär. Munuň özi ýurtlaryň tebigy çig mallara baý bolmaklary bilen, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaklary babatda oňaýly şertleri döredýär. Milli Liderimiz şular barada aýdyp, bar bolan mümkinçilikleri netijeli we doly kuwwatynda ulanmagyň biziň doganlyk halklarymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletlerimiziň dünýädäki geosyýasy we geoykdysady ornuny berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna we jebisleşmegine itergi berer.
Halklaryň baý medeni mirasyny, dilini, edebiýatyny, milli däp-dessurlaryny, halyşynaslyk, amaly-haşam we aýdym-saz sungatyny gorap saklamak, ony dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça tagallalary goldamak häzirki döwrüň wajyp wezipesidir. Hormatly Arkadagymyz ýokary derejeli duşuşygyň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirip, onuň netijeleriniň üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge, bilelikdäki möhüm taslamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen zerur ädim boljakdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Hazar deňziniň ajaýyp kenaryndaky gepleşikleriň we duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem özbek prezidenti ýakynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilendigini belledi. Munuň özi oňa gatnaşan döwletleriň taryhyna möhüm sahypa bolup ýazyldy.
Belent mertebeli myhman Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22-nji awgustynyň taryhy güne öwrülendigini aýratyn nygtady. Munuň özi Hazaryň ajaýyp kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şöhratynyň dünýä dolmagyna goşant goşýar. Taryhy ähmiýeti bolan duşuşygyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna kuwwatly itergi berer. Awazada geçirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň bu ugurda baý tejribe toplandygyny görkezýär. Bu barada aýtmak bilen, dostlukly ýurdyň baştutany Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde dürli ugurlar boýunça ägirt uly ösüşleri gazanýandygyny belledi. Munuň özi häzirki döwürde ýurduň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde, halkyň abadan durmuşynda öz beýanyny tapýar. Şeýlelikde, okgunly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa özara bähbitli we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygynyň beýanydyr.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew çykyş edip, bu duşuşygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran we hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açan saparyny ýatlady. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Azerbaýjanyň ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Prezident Ilham Aliýew degişli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de belent mertebeli myhman ýakynda Hazaryň kenarynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetli waka öwrülendigini belledi. Forumyň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemleri boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi tutuş dünýä ýurtlary üçin möhüm çözgütler hökmünde kabul edildi.
Şu günki duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň hatarynda Azerbaýjanyň Fizuli şäheri bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekiljekdigi aýratyn nygtaldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has netijeli we ýygjam häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.