744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
13.11.2023
Nebitgazçynyň maşgalasynda üçem çaga dünýä indi

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentleriň dünýä inmegi etrapda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy. Maşgalabaşy Şahymerdan Şammyýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Daşoguznebitönümleri» kärhanasynda on ýyldan gowrak wagtdan bäri sürüji bolup, göreldeli zähmet çekip gelýär. Sülgün Töräýewa bolsa 2010-njy ýyldan bäri obada öý hojalykçy, ussat pileçi, edermen ýygymçy, nesilleriň ajaýyp terbiýeçisi hökmünde tanalýar. Bu agzybir maşgalada 10-luk san bilen bagly şowlulyklaryň hatary köp duş gelýär. Olaryň ýekeje bir tymsaly — 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda 10 sagat 10 minutda üçemleriň dünýä inmegi hem nobatdaky maşgala rowaçlygy hökmünde söýgülendi. Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlaryna, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan jemgyýetçilik ösüşlerine söýginiň, wepalylygyň we buýsanjyň, umumy rowaçlygyň dabaralanmagynyň alamaty, nyşany hökmünde maşgalanyň nowjuwan perzentlerine Dünýä, Dursun, Abat diýip at dakyldy. Şahymerdan bilen Sülgüniň agzybir maşgalasynda öňem iki çaganyň bardygyny ýeri gelende belleýäris. Maşgalanyň ilkinji perzendi Altynaý Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji synpynda, Jöwher bolsa şol orta mekdebiň 2-nji synpynda okaýar. «Bäbek toýy» bilen bagly milli däp-dessurlaryň rowaçlanmagyna Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, geňeşligiň ymamy, welaýatyň çäginde «Arkadag» medalynyň ilkinji eýesi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy Henip Zahyrow we halk tarapyndan ak pata berlip gutlandy, pişmeler seçildi. Agramy 2250 gram, boýy 43 santimetr, maşgalanyň 3 — 4 — 5-nji perzentleri bolan üçemleriň, akja gundaga alajadan edilen gundagbag bilen gundalan körpeleriň ösüşiniň, erkin hereketleriniň, duýuş we iýmitleniş synalarynyň, uky ölçegleriniň kadalydygyny, gündelik, hepdelik durmuş we melhemçilik hyzmatlaryna, saglyk ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik edilýändigini maşgala lukmanlary buýsanç bilen belleýärler.