744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
12.07.2025
Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsüminiň senesi yglan edildi

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, döwlet toparyna 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken ýene bir Buýrugyna laýyklykda:

2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy;

2025-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji awgusty aralygynda guramak;

okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi