744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
14.11.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň täze bellenen ilçisi bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy

Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarda oňyn ösdürilýändigini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn orun degişlidir. Şeýle hem Eýranyň ýurdumyzyň sebitdäki iň ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň döwletara ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösüşine laýyk gelýändigi bellenildi.