744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
17.11.2023
Türkmenistanyň täze gaz ýataklaryndan «mawy ýangyjyň» senagat akymy alyndy

Türkmenistanda soňky iki ýylda nebitgaz ýataklarynyň gözlenilmegi we özleşdirilmegi bilen, nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak işlerine gönükdirilen milli maýa goýumlaryň hasabyna “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri tarapyndan tebigy gazyň, gaz kondensatynyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça geçirilen degişli işleriň netijesinde “Tagtabazar — 1” gaz känindäki 29 belgili guýudan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy. Guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde 226,4 müň kub metr tebigy gaza we 6,04 tonna gaz kondensatyna deňdir. Şeýle hem “Uzynada” käninde gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, bu känden her biriniň önüm berijiligi bir gije-gündizde ortaça 60 tonnadan gowrak bolan üç guýudan gaz kondensat akymy alyndy. Şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Galkynyş” gaz känindäki 312 belgili guýuda gazuw işleri ýerine ýetirilip, tebigy gaz akymy alyndy. Bu guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde mawy ýangyjyň 1,7 million kub metrine deň bolup, bu görkezijiniň has-da artmagyna garaşylýar. Ýangyç-energetika pudagynyň öňünde nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň iri uglewodorod ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlag işlerini geçirmek we gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti, gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlaryny 3D modelirlemegiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak boýunça wezipeler goýuldy.