744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
02.02.2024
“Galkynyş” käninde 14 sany goşmaça guýy işe giriziler

“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” käninde 14 sany täze guýynyň gurluşygynda serwis hyzmatlaryny bermek üçin potratçylary saýlamak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi. Degişli bildiriş Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin hukuk derejesini, bank rekwizitlerini we beýleki maglumatlary görkezip, ýazmaça arza bermeli, şeýle hem goşulan baha salgydyny hasaba alyp, degişli tölegleri geçmeli. Bäsleşik boýunça teklipler bildirişiň resmi sap edilen gününden başlap, 14 iş güni kabul ediler.
“Galkynyş” käni – dünýäde iň iri känleriň biri. Häzirki wagtda Türkmenistan “mawy ýangyjyň” eksport möçberlerini artdyrmak üçin bu käniň tebigy gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýär.