744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
12.03.2024
«Petrofac» kompaniýasy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen şertnama baglaşdy

Dünýä energiýa pudagynyň öňdebaryjy hyzmat üpjün edijisi bolan «Petrofac» kompaniýasy «Türkmengaz» DK tarapyndan Türkmenistandaky «Galkynyş» gaz ýatagynda işlemek boýunça şertnama aldy. Üç ýyllyk şertnama aşakdakylary öz içine alýar: amallara we tehniki hyzmatlara gözegçilik etmek we goldaw bermek; tehniki goldaw we satyn alyş hyzmatlaryny üpjün etmek; Galkynyş gaz ýatagynyň merkezi tehnologiki enjamlarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin dolandyryş ulgamlaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak. «Türkmengaz» döwlet konserni üçin «Galkynyş» gaz ýatagy taslamasynyň durmuşa geçirilmegi «Petrofac Engineering & Construction» işewür bölümi tarapyndan amala aşyrylan iň uly satyn alyş, gurluşyk we işe girizmek (EPC) taslamalarynyň biri boldy. Ululyk boýunça dünýäde ikinji ýeri eýeleýän gaz ýatagyny özleşdirmek baradaky şertnama 2009-njy ýylda baglaşylyp, 2013-nji ýylda tamamlandy. «Petrofac» tarapyndan hyzmat ediljek Mary welaýatynyň Ýolöten şäheriniň golaýynda ýerleşýän desgalaryň kuwwatlylygy 10 milliard kub metre barabar. «Petrofac Asset Solutions» bölüminiň baş iş dolandyryjy direktory Nik Şorten «Petrofac» kompaniýasynyň «Türkmengaz» DK bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly tejribesiniň bardygyny aýtdy. Şeýle hem bu şertnamanyň baglaşylmagy «Asset Solutions»-yň geografiki gurşawyny giňeltmek üçin oňaýly strategiýany görkezýändigi ýene-de bir gezek subut etdi.