744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
05.06.2025
Türkmenistanda bugdaý oragy möwsümine başlandy

4-nji iýunda Türkmenistanda 2025-nji ýylyň bugdaý oragy möwsümine resmi taýdan badalga berildi. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary ilkinji bolup galla meýdanlaryna çykdylar. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda oraga 11-nji iýunda girişiler.

Şu ýyl ýurdumyzda jemi 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekildi. Hasyl möwsüminde 1 million 400 müň tonna bugdaý ýygnamak göz öňünde tutulýar. Has takygy, Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Maryda 345 müň tonna, Lebapda 310 müň tonna, Daşoguzda 265 müň tonna, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär.

Orak möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýatlaryň dürli etraplarynda dabaralar geçirildi. Şeýle-de, ýerli ýolbaşçylar, mehanizatorlar we hünärmenleriň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Onda kombaýnlaryň sazlaşykly işi, tehnikalaryň ýagdaýy, ýangyç bilen üpjünçilik meseleleri maslahatlaşyldy.

Şu ýyl orak işlerinde ýokary öndürijilikli kombaýnlar we döwrebap tehniki serişdeler peýdalanylýar. Şeýle hem göçme abatlaýyş we üpjünçilik toparlary gije-gündiz esasda işleýär.

Çeşme: Türkmen döwlet habarlar agentligi