Er-Riýadda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisiniň barşynda öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmeklik meseleleri maslahatlaşyldy we geljegi uly taslamalar boýunça çözgütleri kabul edildi.
Iki ýurduň wekiliýetlerine toparyň başlyklary ýolbaşçylyk etdi: türkmen tarapyndan – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, saud tarapyndan – Saud Arabystanynyň maýa goýumlar ministri Halid Al-Falih.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine şeýle hem Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow, beýleki döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri girdiler.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda amallaryny we maýa goýumlaryny berkitjek geljegi uly birnäçe taslamalar boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyk, ulaglary, üstaşyr ugurlary birleşdirmek, energiýa howpsuzlygy boýunça pikir alşyldy.
Taraplar şeýle hem eksport-import harytlarynyň möçberini artdyrmaga gönükdirilen teklipleri beýan etdiler.
Duşuşygyň jemleri boýunça Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisiniň Beýannamasy kabul edildi.
Mundan öňki, hökümetara türkmen-saud toparynyň 6-njy mejlisi 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi.