Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 38 milliard 991,4 million kub metr tebigy gaz, 4 million 91,5 müň tonna nebit çykaryldy.
Bu barada 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 5,1 göterim, benziniň öndürilişi 2,8 göterim, mazudyň öndürilişi 13,6 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 9,2 göterim artdy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasynyň 110 göterim ýerine ýetirildi.
Çeşme: "Nebit-Gaz" gazeti