744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
01.06.2024
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekdi

31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri kesgitlenildi. Geljek ýylyň Döwlet býujeti, maliýe-ykdysady görkezijileri düzülende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan möhüm wezipelerden ugur alnar. Indiki ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçilikleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň esasy maliýe resminamasy bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda-da ýurdumyzda ýerine ýetirilmeli işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen, «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi