744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
01.06.2024
Gaz känlerini özleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär

31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz känlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

“Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça işleriň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan birnäçe guýularda, şol sanda guýulary özleşdirmek bilen bagly dolandyryş ulgamyny degişli enjamlar bilen üpjün etmek boýunça anyk çäreler görülýär. Bu desgalaryň zerur maddy-tehniki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegi olarda önümçilik işlerini alyp barmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmagyň wajyp bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze gaz guýularyny burawlamak we olary önümçilige doly birikdirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi