744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
02.08.2025
Türkmenbaşy halkara deňiz portunda sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

Türkmenbaşy halkara deňiz portunda "Deňiz portlarynda howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak" atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahaty Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Bütindünýä Gümrük guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň bilelikde durmuşa geçirilýän «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik boýunça Maksatnama» atly halkara taslamasynyň bir bölegi boldy.
Bu halkara okuw çäresine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Albaniýanyň, Çernogoriýanyň, Gazagystanyň, Päkistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar konteýnerlerde ýük daşamagy ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini, bu ugurda hukuk binýady berkitmegi maslahatlaşdylar. Ýeri gelende bellesek, myhmanlar Döwlet gümrük gullugynyň gümrük edaralarynda bu ugurda döredilen şertlerine, halkara söwdany ösdürmekde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler.

Çeşme: Halkara habarlar merkezi