2-nji iýunda ýurdumyzyň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine badalga berildi. Şeýlelikde, "Türkmengaz" döwlet konserniniň Gökderedäki "Çeşme", "Nebitçi", "Nesil" hem-de "Şöhle" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hem bagtyýar körpeler üçin gapylaryny giňden açdylar.
Çagalary dynç alyş merkezlerine ugratmak dabarasy paýtagtymyzdaky "Mekan" köşgüniň öňündäki meýdançada geçirildi. Bu ýerde çagalar aýdym-sazly dabaralar bilen ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki dynç alyş merkezleriniň birinji tapgyryna ýollanyldy.
Birinji tapgyr 21-nji iýuna çenli dowam eder. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň garamagyndanky dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomsuň bütin dowamynda şeýle tapgyrlaryň üçüsini guramak meýilleşdirilýär.