744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
05.06.2024
SOCAR we BOTAS Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä türkmen gazyny ibermek hakynda ylalaşyga gol çekdiler

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) we BOTAS türk kompaniýasy tebigy gazy satyn almak, ibermek we üstaşyr geçirmek hakynda birnäçe şertnamalara gol çekdiler diýip, Azertag habar berýär.

Gol çekmek dabarasyna Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri, SOCAR-yň gözegçilik geňeşiniň başlygy Mikail Jabbarow we Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar gatnaşdy.

Ylalaşyk SOCAR-yň üsti bilen Türkiýä tebigy gazy ibermekligi we Türkiýäniň üsti bilen Bolgariýa azerbaýjan gazyny ýetirmekligi, Nahçywana gaz ibermek ulgamynda hyzmatdaşlygy, şeýle hem Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä we üçünji ýurtlara türkmen gazyny ibermekligi göz öňünde tutýar. 

Şeýle hem Azerbaýjanyň gaz üpjünçilik kompaniýasy bilen BOTAS-y arasynda “Şah-Deňiz” käninden Türkiýä gaz ibermekligi dowam etmekligi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekildi.