Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermekligiň ýakyn wagtda amala aşyryljakdygyny ynanýar.
“Baku-Tbilisi-Jeýhan, Baku-Tbilisi-Erzerum we TANAP ýaly turbageçirijili infrastruktura taslamalary bilen ebedileşdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygymyz diňe bir Türkiýe bilen Azerbaýjana bähbit getirmek bilen çäklenmän, sebitiň we Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna düýpli goşant boldy. Bilelikdäki tagallalarymyz, şeýle hem TANAP-yň geçirijilik ukybynyň artdyrylmagy netijesinde türkmen gazynyň Ýewropa we Türkiýä iberilmegi ýakyn geljegiň gürrüňi – diýip, Ärdogan Azerbaýjanda geçirilýän Baku energetika hepdeligine gatnaşyjylara ýüzlenmesinde aýtdy diýip, Interfaks habar berýär.
Ärdogan şeýle hem Azerbaýjan bilen Türkiýäniň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, täze tehnologiýalar we energiýanyň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýändigini belledi. “Biz ýakyn geljekde Nahçywanyň üsti bilen elektrik energiýasynyň eksportyny guramak we Ygdyr-Nahçywan gaz geçirijisini gurmak taslamalaryny ýakyn geljekde tamamlamagy maksat edinýäris” diýip, Ärdogan belleýär.