744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
06.06.2024
TESC-2024 halkara ylmy maslahatynyň wekilleri ekologiýa we durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Şu gün, 6-njy iýunda «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işini dowam etdi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

Forumyň barşynda oňa gatnaşyjylar halkara, sebit we ýurt derejesindäki ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen baglanyşykly strategiýany işläp düzmek meselesi boýunça çykyş etdiler. Şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ugurdaky marketing strategiýalary baradaky seljerme-syn maglumatlary bilen tanyşdyrdylar, toplan tejribelerini, täze işläp taýýarlamalary paýlaşdylar. 

Nebit inženerleri jemgyýeti (SPE) bilen bilelikde guralan «Uglewodorod serişdeleriniň önümçiliginde kömürturşy gazynyň we kükürdiň ulanylmagy» atly mowzuklaýyn mejlisde halkara hünärmenler türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar hem-de kömürturşy gazynyň möçberi ýokary bolan uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde, atmosfera goýberilýän zyýanly zyňyndylary azaltmakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ýollaryny kesgitlediler.

Ýataklary özleşdirmegiň depgininiň ýokarlanmagy bilen, gazylyp alynýan tebigy gazyň möçberi ep-esli artar. Şunda kömürturşy gazyny himiki taýdan peýdalanmak we dökün öndürmekde ulanmak meselesi derwaýys häsiýete eýe bolýar. Şeýle-de häzirki wagtda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, gazy arassalamak we suwsuzlandyrmak, täjirçilik maksatly gazy öndürmek, wodorod sulfidini kükürt, granulýasiýa etmek we gaplamak üçin häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gazy gaýtadan işleýän toplumlar gurulýar.

Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümindäki kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn duşuşyklar geçiriler.