744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
10.06.2024
TESC-2024 halkara forumyna gatnaşyjy bilen söhbetdeşlik

«Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň galdyran täsirleri barada Tatarystan Respublikasynyň (RF) “KER – Holding” kompaniýasynyň ekologiýa taslamalary boýunça direktory Mansur Khasilatullow paýlaşdy.

- Kompaniýaňyz barada hem-de onuň Türkmenistanyň energetika ulgamyny ösdürmäge goşandy barada gürrüň beräýseňiz.

- “KER – Holding” kompaniýasy energetika, ÝES-leriň, beketleriň, kiçi beketleriň, gaz turbina desgalarynyň gurluşygy we abatlaýyş işleri bilen meşgullanýar. Häzirki zaman gazturbina tehnologiýalarynyň önümçiligi we abatlaýyş işleri esasy iş ugrumyz bolup durýar.

Biz Türkmenistanda 2009-njy ýyldan bäri iş alyp barýarys. Bilelikde iş alyp barmak bilen, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwler konsernleri bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris. Bu ýerde biz daşary ýurtlarda, şol sanda Germaniýada, ABŞ-da, Russiýada öndürilen gaz turbinalaryny abatlaýarys. Biziň abatlaýan turbina hatarymyz diýseň giň.

- TESC-2024 gatnaşygyňyz näderejede netijeli boldy?

- Biz forum açylmazyndan ep-esli öň çakylyk aldyk. Gatnaşmagyňyzyň esasy maksatlarynyň biri – gatnaşyklarymyzyň gerimini giňeltmek, täzelerini açmak.

Maslahatyň guramaçylygynyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Biz şeýle hem Türkmenistanyň we öňdebaryjy kompaniýalaryň uglewodorodlaryň önümçiliginiň ekologiýalylygyny ýokarlandyrmak babatda tagallalaryny goldaýarys.

- Sagboluň, ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekde mundan beýläk hem üstünlikleri arzuw edýäris.