744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
10.06.2024
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlanýar

Şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary başlanýar diýip, TDH habar berýär.

2022-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Häzirki wagtda koreý kompaniýalarynyň birnäçesi Türkmenistanda infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda gaz känlerini özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak işlerine gatnaşýarlar. Ýurduň beýleki kompaniýalary hem şeýle taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmen tarapy şu gezekki saparyň iki ýurduň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda goşmaça mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirýär.

Halkara ýagdaýlaryň häzirki şertlerinde türkmen we koreý taraplarynyň öňünde-de köp sanly mümkinçilikler, şol sanda “ýaşyl” ösüş we sanly özgertmeler bilen baglanyşykly mümkinçilikler açylýar.

Prezident Ýun Sok Ýoluň saparynyň çäklerinde Türkmenistany we Koreýa Respublikasyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, energetika, “akylly” şäherler ýaly möhüm hem-de geljegi uly ugurlara garamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň döwlet saparyny mähirli mübärekleýär. Şunda türkmen tarapy bu saparyň iki ýurduň, şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berjekdigine çuňňur ynam bildirýär diýip, TDH belleýär.