744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
21.06.2024
150 million kub metrden gowrak mawy ýangyç çykaryldy

2024-nji ýylyň bäş aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurduň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde hereket edýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» möçberi 24,9 müň tonna golaýlady.
Bu bellenilen meýilnamanyň 106,7 göterim berjaý edilendigini hem-de müdirlik boýunça hasabat döwründe hereket edýän guýulardan 1 müň 568 tonna barabar «gara altynyň» bellenilen meýilnamadan artyk çykarylandygyny aňladýar. Kärhana tarapyndan garamagyndaky önümli gatlaklardan 150 million kub metrden hem gowrak mawy ýangyjyň çykarylandygyny  bellemek gerek.

Alnan tebigy gaz Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesiniň edara-kärhanalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň bu gymmatly önüme bolan islegini kanagatlandyrmaga gönükdirildi diýlip, habarda bellenilýär.

 

Çeşme: Türkmenmetbugat