Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ugurlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygyň giň çygry boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi pikir alyşmalaryň aýratyn ugry boldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.