744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
29.06.2024
Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär. Forumyň 4 — 7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär. Dünýäniň ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini göz öňünde tutup, giň gerimli halkara gözden geçirilişiň meýdançasynda maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini guramak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çäreleriň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek forum hem ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini, ýeten belent sepgitlerini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şoňa görä-de, Bütindünýä sergisiniň meýdançasynda guralmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forumyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu ugurda degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

 

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi