28-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konsernini zerur bolan önümler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebit we gaz guýularynda burawlamak işlerini ýerine ýetirmek, pudaga öňdebaryjy halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini belledi. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.