744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
01.07.2024
Geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, kömek pullaryny we talyp haklaryny ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar

28-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak barada teklibi goldady. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler hakynda aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky hasaplamalaryna seljermeleriň geçirilendigi barada habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi.