744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
02.07.2024
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 598 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler we nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 598 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 77 million 81 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar.