744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
06.07.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi «Magtymguly Pyragygynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen gepleşikler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragygynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady diýip, TDH habar berýär. 

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussadynyň hormatyna ýubileý medalynyň döredilendigini aýdyp, bu medalyň ilkinji sany bilen Antoniu Guterrişi sylaglamak barada karara gelendigini habar berdi.

Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halklaryň arasynda dostlugy we doganlygy berkitmäge goşant üçin berilýän ýokary derejeli sylagy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna gowşurdy.

Abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysy hormat-sarpa üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleriniň ähmiýetini nygtady. Nusgawy şahyr özüniň döreden goşgulary arkaly tutuş dünýäde agzybirlige, dostluga we ynsanperwerlige, parahatçylygyň dabaralanmagyna çagyrypdyr. Munuň özi bolsa, BMG-niň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýär.