744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Makalalar
Geologik maglumatlaryň gaýtadan barlanmagynyň wajyplygy
17.05.2024

Geologiýa-barlag işleriniň gözleg we barlag tapgyrlarynda seýsmiki-barlag işleriň esasynda taýýarlanan meýdançalarda geçirilýän gözleg gazuwy netijesinde senagat taýdan ähmiýetli uglewodorod akymlary alnyp, nebitgazly känler ýüze çykarylýar, her bir ýatagyň beýikligi, ýaýraýyş meýdany, görnüşi, kollektor-gatlaklaryň sygym-syzdyryjylyk alamatlary we başga ölçegler kesgitlenilýär, ýataklaryň uglewodorod gorlaryna baha berilýär. Işläp geçmeklige taýýarlanylanda, kän boýunça bar bolan geologik maglumatlar, balansda duran gorlar barlagdan geçirilýär. Ýataklaryň ölçegleri hemmetaraplaýyn jikmejik öwrenilip, gorlaryň hasaplanyşynda ulanylýan kollektor-gatlaklaryň fiziki alamatlary has çuňňur derňew edilýär. Zerurlyk çykan ýagdaýynda, baha beriş guýularyň gazylmagy arkaly kollektor-gatlaklaryň doýgunlylygy barlanylýar, ýataklaryň modelleri takyklanylýar. Bu derňew işleriniň ahyrynda käniň özleşdirilişe taýýarlanmagy bilen bilelikde goşmaça ähmiýetli netijeleri hem gazanyp bolýar.

Mysal üçin, Merkezi Garagum gümmeziniň günortasynda ýerleşýän Gurruk, Günorta Gurruk, Tamdyrly, Atabaý, Çaşgyn, Sakarçäge känleri boýunça bar bolan geologik maglumatlary, hasaba alnan uglewodorod gorlary Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň gaz känleriniň geologik-mowzuk barlag we taslamalaşdyryş laboratoriýasynyň hünärmenleri tarapyndan jikmejik öwrenilip, känleriň gorlaryny hasaplamakda ýetmeýän parametrleri kesgitlemek üçin olaryň her birinde baha beriş guýusyny oturtmak teklip edildi.

Şu ýylda laboratoriýanyň hünärmenleri tarapyndan Kyrk — Gutlyaýak känler toparynda gazylan gözleg we barlag guýularyň synag işleriniň netijeleriniň, känleriň geologik gurluşynyň, ýataklaryň galyňlygynyň, ýaýraýyş meýdanynyň, doýgunlylygynyň hem-de öň baha berlen gorlarynyň gaýtadan jikme-jik barlagy geçirildi. Netijede, Gutlyaýak käniniň özleşdirilişe taýýarlygy kesgitlenildi. Günorta Gutlyaýak gazkondensatly käniniň kelloweý çökündilerinde ýüze çykarylan gazkondensatly ýataklaryň öň baha berlip goýlan, emma hasaba alynmadyk gaz we kondensat gorlaryny hasaba almak teklip edildi. Kyrk käniniň ýataklarynyň gurluşy we gorlary takyklanyldy.

Kyrk 8 belgili guýusynda titonyň HI gorizontynyň karbonat çökündilerinde ýüze çykarylan nebit ýatagy Go. Kyrk 13 belgili guýusynda öwrenilen we titonyň bu aralygy synag edilende, 1,4 — 4,6 m3 möçberde duz kislotasy bilen gatlaga täsir edilip, bu guýynyň başgalara garanyňda gipsometrik taýdan aşakda ýerleşendigine garamazdan, ondan nebitiň, gazyň we gatlak suwunyň gowşak akymlary alnan.

Kyrk 11 belgili guýusynda diňe berrias-walanžiniň B3 we B4 gorizontlarynda gazkondensatly ýataklary ýüze çykarylan. Go. Kyrk 12 belgili guýusynda bu çökündileriň önümliligi tassyklanan hem-de goteriw we aşaky barrem çökündileri bäş sany obýekt bilen synag edilende, debitleri 1,6 — 7,6 m3 /g.-g. aralygynda bolan nebit akymlarynyň alnandygy bellenen.

Gutlyaýak we Günorta Gutlyaýak känlerinde kükürtsiz gazkondensatly ýataklary saklaýan kelloweý çökündileriniň doýgunlylygy Günorta Kyrk käninde diňe Go. Kyrk 13 belgili guýusynda öwrenilen. Bu guýy başga guýular bilen deňeşdireniňde, önümli gatlaklary gipsometrik taýdan aşakda açandygyna garamazdan, onuň synagy netijesinde kelloweý çökündilerinden gazyň gowşak akymy alnan. Bu meseleleriň ýüze çykmagy bilen kelloweý, goteriw we aşaky barrem çökündileriniň doýgunlylygyny öwrenmek, oksfordyň gazly ýatagynyň, titonyň gazkondensatly we nebit ýataklarynyň ýaýraýşyny anyklamak maksady bilen käniň merkeziniň töwereginde ýerleşýän Go. Kyrk 12 we Kyrk 11 belgili guýularyň arasynda Go. Kyrk 14 belgili barlag guýusyny oturtmak teklip edildi. Bu guýynyň synagy döwründe karbonat kollektorlaryň öýjük boşluklarynyň arabaglanyşygyny has gowy açmak maksady bilen duz kislotasy bilen güýçli täsir etmek çäreleriniň hökmany bolup durýandygy bellenildi.

Aýdylanlary umumylaşdyryp, geologiýa-barlag işleriniň hemme tapgyrlarynda alnyp barylýan işleriň wajyp bolşy ýaly, känleriň geologik maglumatlarynyň gaýtadan barlanmagynyň hem möhümdigini belläp bolýar. Bu işleriň netijesinde öň ýüze çykarylan ýataklaryň gurluşynyň we uglewodorod gorlarynyň takyklanmagy bilen bilelikde täze ýataklaryň açylmagy ähtimal.

 

Aýjemal EZIZOWA,

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň gaz känleriniň geologik-mowzuk barlag we taslamalaşdyryş laboratoriýasynyň müdiri.