744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Biz barada

«TÜRKMENGAZ» DÖWLET KONSERNI

«Türkmengaz» döwlet konserni dünýäde iri energetika kärhanalaryň biri bolmak bilen, onuň işleri tebigy gazy gözlemek, çykarmak, taýýarlamak, akdyrmak we gaýtadan işlemek ýaly ugurlary gurşapalýar.

Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bu ugurda dünýäde dördünji orny eýeleýär. Ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, ýurdumyz dünýä bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär, gaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýär.

Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysaly bolup, onda müňlerçe ýyllaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny birleşdirip, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. Döwletara ulgam üç ugurdaş şahalary (A,B we C) öz içine alyp, olaryň her biriniň uzynlygy 1830 kilometre barabardyr. Merkezi Aziýadan gelip gowuşýan gaz HHR-iň 22 welaýatynyň we awtonom etraplarynyň ilatyna berilýär, olaryň sany 500 million adamdan hem geçýär.

Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylyşynyň 14 ýyldan gowrak wagt bäri, 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyryndaky ýagdaýa görä, Hytaýa 500 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi.

Häzirki wagtda gaz ibermeleri Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça ýylda 40 mlrd kub metr möçberde amala aşyrylýar.

Gazgeçirijiniň 2009-njy ýylyň dekabrynda işegirizilen wagtyndan bäri Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň 260 milliard kubmetrinden gowragy ugradyldy. Döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, geljekdetürkmen gazynyň HHR-e iberilýän mukdaryny bir ýylda 65 milliard kubmetre çenIi artdyrmak üçin, gaz geçirjisiniň D şahasy gurlar.

Ýene-de bir strategiktaýdan möhüm başlangyç Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bolup, onuň umumy uzynlygy 1840 kilometrden gowrakdyr, geçirijilik ukyby bolsa, bir ýylda gazyň 33 milliard kubmetrinedeň bolar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna tebigy gazy uzak möhletleýin akdyrjak täze energetika ulgam sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş, ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder.

2018-nji ýylyň martynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde kabul edilen ýörite Kararnama bu taslamanyň ähmiýetini tassyklaýar. TOPH-yň gurulmagyny ençeme döwletler, şeýle hem halkara maliýe edaralary goldaýarlar.

Taslamany durmuş geçirmek işine «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumy ýolbaşçylyk edýär. Konsernde «Türkmengaz» DK lider bolup durýar. Konsorsiuma şeýle hem Owgan gaz korporasiýasy, Pakistanyň "Inter State Gas Systems (Private) Limited" kompaniýasy we Hindistanyň "GAIL" kompaniýasy girýär.

TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy we häzirki wagta çenli tamamlandy.

2024-nji ýylyň sentýabrynda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyry bolan Serhetabat-Hyrat owgan böleginiň gurluşygy başlandy.

Şol wagt hem Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminama laýyklykda, bu desga üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we gaz gysyjy desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

2024-nji ýylyň noýabr aýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek hakynda resminama gol çekdi.

Häzirki wagtda “Türkmengaz” DK “Döwletabat-Derýalyk” gaz geçirijisi arkaly türkmen tebigy gazyny demirgazyk ugurda ibermäge mümkinçiliklere eýe. Şeýle hem “Körpeje-Gurtguýy” we “Döwletabat-Hangeran” gaz geçirijilerinden günorta ugurda gaz ibermäge tehniki mümkinçilikler bar. Geljekde Türkmenistan swap usuly arkaly Eýranyň üsti bilen Yraga tebigy gazyny ibermäge taýýarlanýar. 2024-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabat we Tähran ýylda 10 mlrd kub metr tebigy gaz satmak hakynda ylalaşyga gol çekişdi. Bu gaz Türkmenistandan swap usuly arkaly Eýranyň çäginden Yraga geçiriler.

Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan “Döwletabat-Derýalyk"gaz geçirijisi arkaly Russiýa Federasiýasyna türkmen tebigy gazy akdyrylýar. Şeýle hem türkmen tebi­gy gazyny “Körpeje-Gurtguýy" we “Döwletabat-Hangeran" gaz geçirijileri arkaly günorta tarapa ugratmak üçin hem tehniki mümkinçilikler bar.

2015-nji ýylda “Gündogar-Günbatar"gaz geçirjisi işe girizildi, ol ýurdumyzyň ähli gaz geçirijilerini bir bitewi ulgama birleşdirdi. Netijede Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşen tebigy gazyň iri känlerinden “Döwletabat",“Ýaşlar",“Galkynyş" ýataklaryndan gazy Balkan welaýatyna akdyrmaga mümkinçilik döredi. Mundan başga-da,“Gündogar-Günbatar" gaz geçirjisi türkmen energiýa serişdelerini Hazar deňziniň üsti bilen halkara bazarlaryna ugratmak üçin ulanylyp bilner.

Hazarüsti gaz geçirjisiniň taslamasy hem gün tertibinden aýrylmaýar. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekilenden soňra, türkmen “mawy ýangyjyny" Ýewropanyň bazarlaryna ugratmagyň usulyny işläp taýýarlamak maksady bilen, bu ugurda geçirilýän işler giň gerime eýe boldy.

Dünýäde iri “Galkynyş" gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işleri batly depginlerde dowam edýär, onuň gorlary “Ýaşlar" we“Garaköl" ýataklary bilen umumylykda 27 trillion kubmetrden gowrak golaý mukdarda kesgitlenildi. Bu ýerde umumy kuwwaty bir ýylda "mawy ýangyjyň" 30 milliard kubmetrine deň bolan gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň üçüsi ulanylmaga berildi. Meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan gaz ýatagynda ulanyş guýularyň her birinden ortaça bir gije-güdizde çykarylýan tebigy gazyň möçberi 2 million kubmetrine barabardyr.

Mundan başga-da bir ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kubmetrini öndürýän zawodyň deslapky tehniki taslamasyny ýerine ýetirmek üçin “Mitsubishi Corporation" ýapon kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy, ony “Galkynyş" gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär.

2024-nji ýylyň noýabrynda “Galkynyş” gaz käninde N265 belgili ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Günlük debiti 2 mln kub metr bolan bu guýudan “mawy ýangyjyň” çykarylyşy barha artar diýlip tassyklanylýar.

“Galkynyş” gaz käniniň öwrenilmeginiň häzirki tapgyrynda ony işläp taýýarlamagyň çaklama hasabaty ýedi tapgyrda göz öňünde tutulýar. Onda ýyllyk umumy gaz çykarylyşy 200 mlrd kub metr bolar.

Häzirki wagtda ýylda 30 mlrd kub metr çykaryş bilen birinji tapgyr durmuşa geçirilýär. Bu gaz möçberleri Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine we Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy arkaly Hytaýa iberilýär.

“Galkynyş” gaz käniniň gazy şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi boýunça ibermek üçin hem çig mal binýady hökmünde kesgitlenildi.

Hytaýyň milli nebitgaz kompaniýasy (CNPC) bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, ol önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň esasynda Merkezi Aziýa-Hytaý transmilli gaz geçirijisi üçin çig mal çeşmeleriniň birine öwrülen “Bagtyýarlyk" şertnamalaýyn çäkde ýataklary işläp taýýarlaýar. Amyderýanyň sag kenarynda geçirilen seýsmiki barlaglar, gözleg we ulanyş guýularynyň burawlanmagy bu ýerde gazyň uly gorlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmek bilen hem uly mümkinçilikler baglydyr. Häzire çenli bilermenler onuň gorlaryny nebitiň we kondensatyň 12,1 milliard tonnasy, şeýle hem gazyň 6,1 trillion kubmetri möçberde kesgitlediler.

Häzir bu ýerde «Türkmengaz» döwlet konserniniň hyzmatdaşy “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd" (Malaýziýa) kompaniýasy işleýär, ol “Blok-1" şertnamalaýyn çäkde uglewodorodlary işläp taýýarlaýar. Goýlan maýa goýumlaryň umumy möçberi 11 milliard dollara deňdir. Häzir “Magtymguly" we “Diýarbekir" ýataklarynda nebit, gaz we kondensat güýçli depginlerde gazylyp alynýar. Şeýle hem “Garagol Deňiz" ýatagynyň günbatar böleginde buraw işleri geçirilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň tebigy gazyny has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi ileri tutup, dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini ugradýan döwlet hökmünde ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportynyň harytlyk düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna oňa gatnaşmagynyň häsiýetini hil taýdan oňyn üýtgetmägeoňat mümkinçilikleri bar.

"TÜRKMENGAZ"
döwlet konserni dünýäniň iň uly energiýa kompaniýalarynyň biridir