Durmuşda ýaşlaryň aglabasy öz ýaşaýan ýeriniň mümkinçiliklerine ýa-da ýakynlarynyň, dost-ýarlarynyň köp ýykgyn edýän hünärlerine laýyklykda kesp-kär saýlamaga höwesli bolýar. Ynha, bu Azatmyrat Aýydowyň durmuşynda-da şeýle boldy. Mugallymlaryň maşgalasynda doglandygyna garamazdan, ýaşaýan ýeri nebitçileriň, gazçylaryň mesgeni saýylýan Gazojak sebiti bolansoň ol çagalykdan bu mekanyň tebigy baýlyklary, olaryň gazylyp alnyşy, peýdalanylyşy we nebitçi-gazçylaryň gyzykly zähmet ýoly hakyndaky gürrüňleri diňläp ulaldy. Bu bolsa onuň geljekde geologçylyk hünärini saýlamagyna getirdi.
Azatmyrat Aýydow 1994 — 1998-nji ýyllarda şol wagtky Türkmen döwlet politehniki institutynyň nebitçilik fakultetiniň nebitiň we gazyň geologiýasy hünärinde okap, ýokary bilim aldy. Ol ilkinji zähmet ýoluna Gazojak şäherindäki ojak burawlaýyş-dolandyryş edarasynda geolog bolup başlady. Öz döwrüniň ussat geology Akmuhammet Gurbanowyň, görnükli nebitgaz işgärleri Jumadurdy Taganow, Jumageldi Amanyýazow dagynyň halypalyk etmeginde bu hünäriň inçe syrlaryny öwrendi. Ýurduň iň çetki künjeklerinde gurnalan nebitgaz gözleg işlerine-de uly höwes bilen gatnaşdy. Bu işler onuň barha kämilleşmegine, baý tejribe toplamagyna getirdi.
Birnäçe ýyldan soň oňa geologiýa bölüminiň başlygy, müdirligiň baş geology ýaly uly wezipeler hem ynanyldy. Azatmyrat bildirilen ynama yhlasly zähmet bilen jogap berdi. Ol häzirki wagtda hem «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň baş geology wezipesinde göreldeli zähmet çekýär. Köp ýyllaryň dowamynda çeken asylly zähmeti göz öňünde tutulyp, ol «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» ýubileý medaly bilen hem sylaglanyldy. Bu bolsa tejribeli geology täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Onuň belleýşi ýaly, häzirki wagtda müdirligiň geologiýa işgärleri welaýatymyzyň çägindäki Malaý, Kükürtli, Kerpiçli, Demirgazyk Balguýy, Gazlydepe, Babarap, Täjibaý, Naýyp, Täçmyradow, Ojak gaz känlerinde gaz akymyna gözegçilik etmek, gazly guýularda barlaglary geçirmek, düýpli bejermek ýaly derwaýys işleri alyp barýarlar. Täze guýulary gazyp, nebitgaz akymlaryny gözleýärler.
Ýeri gelende belläp geçsek, müdirlik tarapyndan geçen ýylda gazly guýularyň 25-sinde düýpli bejergi işleri geçirildi. Çatrak gaz käniniň 54-nji guýusy 2 müň 450 metr çuňlukda gazylyp, ondan 2 müň 200 kub metr, Täçmyradow meýdançasynyň 3-nji gözleg guýusyndan 3 müň kub metr gaz akymy alnyp, ulanyşa goýberildi. Şeýle-de geçen ýylda tebigy gazyň 10 milliard 100 million kub metri çykaryldy. Gaz kondensatynyň bolsa 36 müň 700 tonnasy alyndy.
Häzirki wagtda tebigy gazy we gaz kondensatyny almak bilen bir hatarda Demirgazyk Gazlydepe, Hazarly, Kölýaka, Täçmyradow ýaly gaz meýdançalarynyň gözleg guýularynda «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy tarapyndan buraw işleri alnyp barylýar. Umuman, iki müňden gowrak işçi-hünärmeni özünde jemleýän «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň her iş güni täze üstünliklere, belent maksatlara beslenýär. Saýlan hünärini dowamly kämilleşdirip, kärinden kemal tapan Azatmyrat Aýydow ýaly hünärmenler bolsa bu kuwwatly kärhanada işleriň has-da ilerlemegine mynasyp goşant goşýarlar.