744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
06.09.2024
Täze guýy önüm berdi

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk gözleýjileriniň Täçmyradow meýdançasynda burawlan guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi ekspedisiýanyň agzybir hünärmenleriniň ýetip gelýän beýik baýrama — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy.
— Öňki ýyllarda geçirilen deslapky barlaglaryň netijelerine laýyklykda, Çärjew etrabynyň çäginde, Malaý gaz känine golaý ýerde ýerleşýän bu meýdançada tebigy gazyň uly gorlarynyň bardygy çaklanylýardy. Bu ýerde gözleg guýusyny burawlamak işi tejribeli buraw ussalary Işanguly Mämmetgulyýew bilen Döwlet Babagulyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlarynyň agzalaryna ynanyldy. Olar tarapyndan şu döwre çenli 2 müň 500 metr çuňluk burawlandy we önümli gatlaga ýetildi. Täze guýynyň önüm berijiligi her gije-gündizde kükürtsiz tebigy gazyň 389 müň kub metrine barabardyr. Geljekde bu meýdançada gözleg guýularyny burawlamak işleri dowam etdiriler — diýip, ekspedisiýanyň geologiýa bölüminiň başlygy Batyr Akmyradow ynam bilen aýdýar.

Gazanylan uly üstünlikde toparlaryň agzalarynyň her biriniň mynasyp zähmet paýy bar. Olaryň arasynda tejribeli burawlaýjylar Anwar Çaryýew, Merdan Hemraýew, burawlaýjynyň kömekçileri Ylýas Bekiýew, Seýitmyrat Mämedow, maşinist Çary Allakow, slesar Suwhanberdi Taňryberdiýew has tapawutlanyp zähmet çekdiler. Olaryň göreldesine kärdeşleri agzybirlik bilen eýerýärler. Netijede, il-ýurt bähbitli işler ilerleýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmek, uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek we olaryň öndürilişini artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi. Şoňa laýyklykda, ýerlerde anyk we maksatlaýyn işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu ýylyň başynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna degişli kükürtsiz gaz känlerinde gözleg-barlag, ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak boýunça 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy kabul edilipdi. Şanly ýylyň başyndan onuň çäginde degişli işlere giň gerim berildi.

Häzirki günlerde ýokarda ady agzalan meýilnama laýyklykda, Çartak, Kölýaka, Tebigy, Demirgazyk Köseşor, Hazarly meýdançalarynda hem burawlaýyş işleri alnyp barylýar. Bilelikde ýerine ýetirilýän işleriň mynasyp netijelerini berýändigi bolsa guwandyryjydyr. Oňa mysal hökmünde Çartak käninde taslama çuňlugy 2 müň 450 metre barabar bolan ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymynyň alnandygyny görkezmek bolar. Nesip bolsa, şanly ýylyň aýagyna çenli täze burawlanan guýulardan tebigy gazyň senagat akymynyň alnandygy baradaky hoş habarlaryň sany ýene-de artar. Işanguly Mämmetgulyýewiň we Döwlet Babagulyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlarynyň agzybir agzalary bolsa Täçmyradow meýdançasynda ýene bir gözleg guýusyny burawlamaga girişdiler.