744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
23.09.2024
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

RF-niň Baştutany hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandyny belläp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsi üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda ýokary netijeler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Wladimir Putin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň oktýabrynda Russiýada geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine çagyrdy. Şonuň bilen birlikde, Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumyň ähmiýeti bellenildi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin RF-niň Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi